Genetikler dünýäde kofeniň meşhur görnüşi bolan arabikanyň 350-600 müň ýyl ozal Ýer ýüzünde peýda bolandygyny anykladylar. Bu barada Buffalo şäherindäki Amerikan uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär. Bu açyş iki görnüşli kofe agajynyň gibridi bolan arabikanyň doly genomyny kesgitlemek arkaly mümkin boldy. Halkara genetikler topary arabikanyň ösdürilip ýetişdirilýän 39 görnüşiniň, Gündogar Afrikada ösýän 17 ýabany garyndaş-görnüşiniň DNK-syny seljerdi we 1737-nji ýylda şwesiýaly alym Karl Linneý tarapyndan kofe agaçlarynyň ilkinji ylmy beýanynyň genini dikeltdi. Olaryň deňeşdirme seljermesi arabikany döreden çaknyşmanyň adam gatnaşmazdan ýüze çykandygyny görkezdi. Bu kofe agaçlarynyň gibrid görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilmeginden has öň we, hatda Homo sapiens peýda bolmanka ýüze çykandygyny aňladýar. Şeýle hem alymlar arabikanyň häzirki zaman görnüşleriniň ata-babalarynyň başda Efiopiýada däl-de, eýsem Ýemende we Bab-el-Mandeb bogazynyň Afrika kenarlarynda ösendigini anykladylar. “Bu umuman XVII asyryň hindi ýyl ýazgyçylarynyň kofeniň Hindistana nädip getirilendigi we onuň bütin dünýäde ýaýramagy barada beýan edenlerine gabat gelýär” diýip, gözlegçiler bellediler. Bu agzalan gözlegler arabikanyň howanyň üýtgemegine has çydamly täze görnüşleriniň seçgisi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir