Xiaomi degişli bolan Black Shark brendi ilkinji akylly ýüzüginiň satuwynyň başlanandygyny yglan etdi. Enjam Apreliň başynda mälim edilipdi. Black Shark ýüzügi metaldan ýasalan, galyňlygy 2,2 millimetr, bu bolsa ulanyşda amatlylygy we rahatlygy üpjün edýär. Enjam ýürek urgusynyň ýygylygyny, ganyň kislorod bilen doýgunlyk derejesini, ýürek ritminiň üýtgemelerini we bedeniň gyzgynlygyny ölçäp bilýär. Kompaniýada ýüzügiň bir zarýadda 180 güne çenli işläp biljekdigini bellediler. Enjamyň zarýad üçin ýörite gutusy bar. Ýüzük polatdan edilip, gara we gyzyl reňklerde elýeterli. Onuň daş ýüzünde smartfondan täze habarnamalar gelen wagty ýanyp-öçýän ýagtylyk görkezijisi bar. Şeýle hem smartfony uzak aralykdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän panel bar. Onuň üsti bilen aýdymlary geçirip, jaňlara jogap berip we kamerany işledip bolýar. Ýüzügiň bahasy 599 ýuan. Häzirki wagtda ol bazarda bar bolan iň arzan ýüzük hasaplanýar. Satuwlar häzirlikçe diňe Hytaýda ýerine ýetirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir