Günorta Koreýadan we Hytaýdan inženerler topary adam derisinden zarýad almaga hem-de deňiz suwlaryny arassalamaga ukyply ykjam suw arassalaýjy süzgüji döretdiler. Pyýada ýöremek arkaly emele gelýän statiki elektrik süzgüje 10 minutda zarýad berip bilýär. Takyk wagt ýöreýşiň tizligine we aýakgabyň görnüşine baglydyr diýip, Nature Water habar berýär. BMG-niň maglumatlaryna görä, Ýer ýüzünde takmynan iki million adam ýeterlik arassa suwdan peýdalanyp bilmeýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir