Amerikanyň itler üçin oýnawaç öndürijisi Bark adamlary we olaryň öý haýwanlaryny gatnatmak üçin niýetlenen çarter uçuşlaryny işe girizdi. Häzirlikçe Bark Air iki ugry hödürleýär: Nýu-Ýork – Los-Anjeles we Nýu-Ýork – London diýip, New York Post habar berýär. Bir taraplaýyn uçuş 6000-8000 dollara düşer. Bu baha esasynda itlere we olaryň eýelerine birinji derejeli hyzmat kepillendirilýär. Belläp geçsek, adaty gatnawlarda kiçi haýwanlara salonda uçmaga rugsat berilýär, uly haýwanlar bolsa ýük goýulýan bölümde gitmeli bolýar. Bulardan tapawutlylykda, Bark Air ähli haýwanlary ýolagçy kürsülerinde ýerleşdirýär. Uçuşdan we gonuşdan öň itlere gulagyň dykylma ýagdaýyny aýyrmaga kömek edýän ýörite içgi hödürlenýär. Salonda rahatlandyryjy sazlar ýaňlanýar, stýuardlar bolsa itlere lawandaly we feromonly ýyly polotenseleri, şeýle-de dürli tagamlary, galmagaly basyjy nauşnikleri we rahatlandyryjy ýeňsizleri paýlaýarlar. Bark Air-iň ilkinji gatnawlary maý aýynda bolar. Petekleriň bahasynyň gymmatlygyna garamazdan, awiakompaniýanyň itler üçin pikiri eýýäm köp öý haýwanlarynyň eýelerinden oňyn seslenme aldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir