Warner Bros. studiýasy 2024-nji ýylda halkara kassa ýygymlarynda milliard dollarlyk bellikden geçen birinji film kompaniýasy boldy. Bu netije bary-ýogy 15 hepdäniň içinde gazanyldy, bu rekord görkeziji diýip, Deadline ýazýar. Studiýanyň üstünligi iki sany ýokary derejeli çykyş boldy: “Dýuna: Ikinji bölüm” we “Godzilla we Kong: Täze imperiýa”. Deni Wilnýowyň mart aýynyň başynda çykan ylmy-hyýaly blokbasteriniň dowamy halkara kassa ýygymynda 411,8 million dollar gazandy we Demirgazyk Amerikadan toplanlaryny hem goşmak bilen, umumy kassa ýygymy 683,9 million dollara ýetdi. “Täze imperiýa” halkara çäginde 278,6 million dollar gazandy, onuň dünýädäki kassa ýygymy bolsa 436,6 million dollar boldy. Agzalan hitlerden başga-da, studiýa “Wonka”, “Akwamen we ýitirilen patyşalyk” ýaly filmleri hem çykardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir