2024-nji ýylyň ýanwar – mart aýlarynda Apple kompaniýasynyň smartfon satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6% azaldy. Bu maglumatlar International Data Corporation (IDC) gözleg kompaniýasynyň hasabatyndan gelip çykýar. Bellenilen döwürde 50,1 mln iPhone satyldy (2023-nji ýylyň birinji çärýeginde 55,4 mln), kompaniýanyň bazardaky paýy 17,3% boldy. Kompaniýanyň pes görkezijileri Hytaýda satuwyň azalmagy bilen baglanyşdyrylýar (Counterpoint Research-yň analitikleriniň hasaby boýunça, ýylyň başynda ol 24% pese gaçdy). Şeýlelikde, Apple ýene-de iň uly smartfon öndürijileriniň reýtinginde birinji orny Samsung-a berdi. Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň satuwy 0,7% azalyp, 60,1 mln gurluş boldy, bazar paýy 20,8%-e barabar (2023-nji ýylyň jemi boýunça Apple Samsung-dan öňe geçdi: satuwlar, degişlilikde, 234,6 mln we 226,6 mln telefon boldy). 2024-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça üçünji orunda 40,8 mln smartfon ýola goýup, bazaryň 14,1%-ini eýelän Xiaomi ýerleşdi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Hytaýyň Transsion (28,5 mln smartfon, 9,9%) we Oppo kompaniýalary (25,2 mln, 8,7%) girdi. Transsion-yň satuwy 85%, Xiaomi-niň satuwy 33,8% ýokarlandy. Ýylyň ilkinji üç aýynda jemi 289,4 mln smartfon satyldy, bu bir ýyl ozalkydan 7,8% köpdür.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir