Şu gün, 16-njy aprelde Pakistanyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi. Diplomat Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň köp pudaklarynda, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmak, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny we elektrik geçirijisini çekmek taslamalaryny durmuşa geçirmegiň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir