Şu gün, 16-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar bilen ýurdumyzyň we Maksatnamanyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdy. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda ýurdumyz UN-Habitatyň durnukly şäherleşme boýunça dostlar Toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda UN-Habitatyň wekilhanasyny açmak meselesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji mejlisinde ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň ýurdumyza saparyny guramagy teklip etdi. Şu saparyň maksady hyzmatdaşlyk etmegiň anyk ugurlaryny kesgitlemekden we netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmekden ybarat bolup biler. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, birnäçe teklipleri, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda kanunçykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi. Munuň özi şäherleriň durnukly ösmegine ýardam eder. Şeýle hem ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklary durnukly we durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary hem-de strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edilýär. Öz tarapyndan Türkmenistan UN-Habitatyň şu meseleler boýunça tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir