Ýaponiýanyň aerokosmiki gullugy (JAXA) we Toyota kompaniýasynyň inženerleri Aý gözlegleri üçin wezdehod çykarmagyň üstünde işleýärler. Haýtek-iň habar bermegine görä, bilelikde çykaryljak germetiki wezdehod astronawtlara Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünde 30 güne çenli skafandrsyz gezmäge mümkinçilik berer. Iki adamlyk wezdehod wodorod ýangyç elementi, Gün panelleri we suwy dikeldiş ulgamy bilen üpjün ediler. Bu salonda howany dem almak üçin ýaramly görnüşde saklap, uzak wagtlap awtonom işlemäge mümkinçilik berer. Ekipaž bolmadyk halatynda hem Aý roweri gözleglerini dowam etdirip, awtomatiki usulda işlär. Aý furgonyny 2031-nji ýylda “Artemida VII” missiýasynyň çäginde Aýa eltmek meýilleşdirilýär. Ol Aýyň suwly buz ýataklary bar diýlip çaklanylýan günorta polýusyny öwrenmekde ulanylar. Wezdehodyň çak edilýän ýöreýiş ätiýaçlygy azyndan 10,000 km. JAXA bilen Toyota-nyň arasyndaky şertnama ýapon astronawtlarynyň Artemida maksatnamasyna gatnaşmagyny hem göz öňünde tutýar. Ilkinji ýapon astronawty NASA-nyň Aýyň daşyndaky orbitada ýerleşdirmegi meýilleşdirýän “Gateway” orbital stansiýasyna uçar, galan ikisi bolsa missiýanyň çäginde Aýyň üstüne aýak basan ilkinji amerikaly däl astronawtlar bolar. Wezdehody işläp taýýarlamak işi 2019-njy ýylda başlandy. Geçen ýyl kiçeldilen prototipi görkezildi we häzirki wagtda bolsa uzynlygy 6 metr we ini 5,2 metr bolan doly göwrümli prototipi işlenip düzülýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir