Täze Zelandiýanyň Baunti ternawyna geçirilen ekspedisiýa uly açyşa sebäp boldy: alymlar 5 kilometre çenli çuňlukda ýaşaýan jandarlaryň 100-den gowrak täze görnüşini tapdylar diýip, Mail.ru ýazýar. Ocean Census-iň, Täze Zelandiýanyň Milli suw we atmosfera barlaglary institutynyň (NIWA) we Te Papa Tongarewa muzeýiniň düzülen gözlegçiler topary üç hepdäniň dowamynda 1800 töweregi janly-jandaryň nusgasyny ýygnadylar. Olaryň arasynda balyklar, balykgulaklar, merjenler, deňiz hyýarlary we şu wagta çenli ylma mälim bolmadyk başga-da köp jandarlar bar. Öňdebaryjy gözlegçileriň biri professor Aleks Rojers: "Täze, öň açylmadyk görnüşleriň birgidenini gola salaýdyk öýdýän. Biziň ähli nusgalarymyz öwrenilýänçä, elimizde 100 töweregi täze görnüş bolar. Bu açyşyň balyklara hem degişlidigi meni hasam haýran galdyrdy: bizde üç sany täze balyk görnüşi tapylaýdy öýdýän" – diýdi. Suwasty dünýäniň biodürlülige neneňsi baýdygyny görkezýän bu açyş Ýeriň köp bölegini tutýan ummanlardaky ýaşaýyş hakda örän az bilýändigimizi tassyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir