CBS teleýaýlymyna salgylanýan Mail.ru-yň habar bermegine görä, Ýuwaş ummanynyň adam-garasyz adasynda galan üç deňizçi çägäniň ýüzüne palma şahalaryndan “HELP” (“Kömek ediň”) sözüni ýazanlaryndan soň halas edildi. deňizçiler gaýygyň motorynyň näsazlygy sebäpli adada galypdyrlar. Olar ýitenlerinden alty gün soň garyndaşlary ýüze çykan betbagtçylyk barada habar beripdirler we ABŞ-nyň kenarýaka goragçylary hem-de Harby-deňiz güýçleri bilelikde halas ediş işlerine başlapdyrlar. Ýokardan-howadan geçirilen gözleg işleri sekiz günden soň netije berdi. ABŞ-yň kenarýaka gorag gullugynyň halas ediş gämisi deňizçileri adadan alyp, öýlerine äkitdi. Halas ediş işini ugrukdyryjy podpolkownik Çelsi Garsiýa: "Deňizçileriň üşükliligi olary halas etmekde möhüm rol oýnady" diýip belleýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir