Lewerkuzeniň «Baýer» kluby Habi Alonsonyň ýolbaşçylygynda Bundesliganyň 29-njy tapgyrynda Bremeniň «Werderinden» 5:0 hasabynda üstün çykyp, uly ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş diňe bir «Baýere» Germaniýada möhletinden öň çempionlyk getirmän, eýsem, birnäçe taryhy üstünlikleri hem alamatlandyrdy. «Farmasewtler» 119 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek Bundesliganyň çempionlygyny gazandylar. «Baýer» bu kuboga eýe bolan 13-nji klub boldy. Şol bir wagtyň özünde, topar Bundesligada 2023/24-nji möwsümde ýekeje oýunda-da utulmady we ýaryşyň täze rekordyny goýdy. Opta statistika portalynyň habar bermegine görä, bu üstünlik öň 2013/14-nji möwsümde 28 oýunda ýeňilmedik «Bawariýa» degişlidi, şol wagt Mýunheniň kluby hut 29-njy tapgyrda bu yzygiderliligi ýitiripdi. Mundan başga-da, «Baýer» ähli ýaryşlarda ýeňilmezek tapgyryny 43 oýna çenli uzaltdy we «Ýuwentusyň» 2011-2012-nji ýyllardaky rekordyny gaýtalady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir