Türki ýurtlary WBC Amateur TURKSOY ady bilen täze boks ýaryşyny döretdiler. Ilkinji çempion guşaklary ugrunda 2024-nji ýylyň güýzünde Türkestanda (Gazagystan) 15-16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda göreşiler diýip, ORIENT habar berýär. Ýaryşyň döredilmegi Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň professional boks federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC) we TÜRKSOÝ halkara guramasynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşygyň netijesi boldy. TÜRKSOÝ-yň saýtynda bellenilişi ýaly, bu ýaryş döredilmezden öň, geçen ýyl 5 agram derejesinde göreşen 500 ýaş boksçynyň gatnaşmagynda WBC Amateur Kazakhstan synag ýaryşy geçirildi. Ýaryşyň düzgüni heniz ylalaşylmaly, ýöne häzir ilkibaşda her ýurtda milli ýaryşlaryň geçiriljekdigi, ýeňijileriň dörtden bir finaldan, ýarym finaldan we finaldan ybarat final tapgyryna gatnaşjakdygy bellidir. Bije çekişigi geçiriler we ýaryşdan çykmagyň Olimpiýa sistemasyna laýyklykda iň gowulary kesgitlener. 2024-nji ýylda final 15-16 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň arasynda 7 agram derejesinde geçiriler. Geljekde agram derejeleriniň sanyny 34-e çenli giňeltmek, olary iki ýaş toparyna: 13-14 ýaş we 15-16 ýaş üçin bölmek meýilleşdirilýär. Ýaryşyň final bölegi 3 günüň dowamynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir