Şu gün, 15-nji aprelde Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady diýip, TDH habar berýär. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-a agza döwletleriň 20-den gowrak demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçysydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri foruma gatnaşdylar. Forumyň maksady döwletara derejesinde demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollaryň torunyň tehnologik bitewiligini üpjün etmekden, bu düzümleri ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkendemirýollary” agentliginiň bu Gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar. “Türkmenistan 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär” diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Gutlagynda bellenilýär. Mejlisiň gün tertibine Guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garamak, ýakyn ýyllar üçin Iş maksatnamsyny ara alyp maslahatlaşmak, Guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak we okatmak meseleleri girizildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalaryny artdyrmak boýunça pikir alyşmalar guraldy. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir