Amerikan kinoakademiýasy 97-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň senesini yglan etdi. Dabara 2025-nji ýylyň 2-nji martyna meýilleşdirilýär diýip, film.ru habar berýär. Alypbaryjynyň ady heniz belli däl. Dalaşgärler 17-nji ýanwarda yglan ediler. Baýraga 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygynda çykan ähli filmler dalaş edip biler. Soňky “Oskar” hem mart aýynda geçirildi. Iň köp baýrak alan Kristofer Nolanyň “Oppengeýmer” (ýedi heýkel) we Ýorgos Lantimosyň “Betbagt biçäreler” (dört heýkel) filmleri boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir