Stoluň üstünde oýnalýan meşhur “Monopoliýa” oýny filme öwrüler. Taslama Margo Robbi prodýuserlik eder diýip, Variety habar berýär. Filmiň uýgunlaşmagy Lionsgate studiýasy tarapyndan paýlanar. Robbi LuckyChap Entertainment kompaniýasyndaky hyzmatdaşlary Tom Akerli we Jozi MakNamara bilen taslamanyň üstünde işlär. Geljekki filmiň sýužeti entek aýan edilmedi. Lionsgate-niň prezidenti Adam Fogelson LuckyChap-yň film babatda “aýdyň göz öňüne getirmesiniň” bardygyny aýtdy. Monopoliýa ilkinji gezek 1935-nji ýylda çykarylan, stoluň üstünde oýnalýan strategiki-ykdysady oýundyr. Oýna bolan hukuklar häzirki wagtda Hasbro kompaniýasyna degişlidir. Mundan öňem “Monopoliýany” surata düşürmäge synanyşyklar edilipdi. 2018-nji ýylda filmde baş keşbi Kewin Hartyň ýerine ýetirip biljekdigi habar berlipdi. Golaýda Robbiniň “Barbie” filmini surata düşürendigi üçin Oskar baýragyny alandygyny ýatladýarys. Greta Gerwigiň filmi 2023-nji ýylda iň köp girdeji gazanan film bolup, dünýä kassa ýygymynda 1,4 milliard dollar toplady. Mundan başga-da, öň Robbiniň “Sims” oýnunyň film uýgunlaşmasyna prodýuserlik edýändigi habar berlipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir