12-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryndan ugur alnyp, birnäçe teklipler taýýarlanyldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň öňe süren “Hazar ekologik başlangyjyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, ilkinji ädim hökmünde aprel aýynyň ikinji ýarymynda BMG-niň ýurdumyzdaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanda hereket edýän beýleki halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Hazar deňzi instituty, Ylymlar akademiýasy, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde “tegelek stoluň” başyndaky maslahaty geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakynda Konwensiýa (CITES) goşulmagy baradaky teklip beýan edildi. Bu resminama dünýäde biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen iň täsirli halkara hukuk gurallarynyň biri bolup durýar. Häzirki wagtda dünýäniň 180-den gowrak döwleti bu Konwensiýanyň agzasydyr. Onuň sanawyna haýwanlaryň we ösümlikleriň 33 müňden gowrak görnüşi girizilip, olaryň ençemesi Türkmenistanda hem ýaýrandyr. Degişli seljerme işleriniň geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy seýrek hem-de ýitmek howpy astyndaky haýwanlaryň we ösümlikleriň görnüşleriniň has netijeli goralmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Haýwanat baglarynyň we akwariumlaryň Ýewraziýa sebitleýin assosiasiýasyna (EARAZA) Türkmenistanyň agza bolmagy baradaky teklip hödürlenildi. Munuň özi assosiasiýa agza ýurtlaryň haýwanat baglarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna hem-de bu ugurda işgärleriň iş tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik döreder. Ýurdumyzda we oňa ýanaşyk zolaklarda biodürlüligi gorap saklamak, hususan-da, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini goramak, halkara hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň ekologiýa ministrlikleriniň arasynda Üstýurt platosynyň haýwanat dünýäsini goramak pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekmek teklip edilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatynyň (COP29) öňüsyrasynda geçiriljek Ýaşlar maslahatyna (COY19) taýýarlyk görmegiň çäklerinde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatdaky başlangyçlarynyň 2024-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” taýýarlanyldy. Bu resminama daşky gurşawy goramaga gönükdirilen ekologik bilimliligi artdyrmak bilen bagly çärelerden hem-de ylmy barlaglardan ybaratdyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir