Režissýor Frensis Ford Koppolanyň 1980-nji ýyllardan bäri üstünde işlän epiki ylmy-fantastiki filmi bolan “Megalopolis” 77-nji Kann festiwalynyň esasy bäsleşigine saýlandy. Býujeti 120 mln dollar bolan bu filmi Koppolanyň özi maliýeleşdirdi. Bu onuň soňky 13 ýylda ilkinji işidir. “Megalopolisiň” sýužeti geljegiň Nýu-Ýorkuny dünýäniň utopik merkezine öwürmäge synanyşýan binagär Serž (Adam Draýwer) barada gürrüň berýär. Gahryman bäsdeşini ýok etmek üçin ähli zada taýýar bolan şäher häkimi Frenk Siseron (Jankarlo Espozito) bilen bäsleşmeli bolýar. Şeýle-de, filmde Obri Plaza, Şaýa LaBaf, Forest Uitaker, Natali Emmanuel, Jon Woýt, Dastin Hoffman we beýlekiler çykyş etdi. Kann kinofestiwalynda “Megalopolisiň” premýera görkezilişi 17-nji maýda bolar. Filmiň distribýutorynyň ýoklugy sebäpli, onuň kinoteatrlarda haçan çykjakdygy heniz belli däl. Belläp geçsek, Koppola “Gürrüň” we “Apokalipsis şu gün” filmleri üçin iki gezek festiwalyň baş baýragyny – “Altyn palma şahasyny” aldy. Şu ýyl Kann festiwaly 14-nji maýdan 27-nji maý aralygynda geçiriler. Bäsleşigiň emin agzalaryna Greta Gerwig (“Barbi”) ýolbaşçylyk eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir