Samsung rus, arap we indoneziýa dilleriniň goldawlaryny goşup, Galaxy AI-niň dil mümkinçiliklerini giňeltdi. Mundan başga-da, emeli aň indi üç sany täze şiwäni: Awstraliýanyň iňlis dilini, kanton dilini (Hytaýyň şiwesi) we Kanadanyň fransuz dilini tanaýar. Ýylyň ahyryna çenli Samsung türk, rumyn, niderland we şwed dillerini, şeýle hem adaty hytaý diliniň we Ýewropanyň portugal diliniň şiwelerini öz içine alýan birnäçe dile goldaw bermegi meýilleşdirýär. Galaxy AI arkaly ulanyjylar hakyky wagtda iki taraplaýyn terjime arkaly telefonda jaňlaşyp, gepleşigi tekste öwrüp we teksti dürli stile (dostlukly, işewürlik) öwrüp bilerler. Bu funksiýa flagman Samsung Galaxy S24 smartfonlarynda we käbir beýleki täze modellerde elýeterlidir. Galaxy AI üçin täze dil paketlerini “Sazlamalar” bölüminden göçürip alyp bilersiňiz.