Fransiýa 24 habarlar ýaýlymynyň habar bermegine görä, 34 ýaşly fransuz zenany Anuk Garnýe Eýfel diňiniň ikinji böleginiň düýbüne çykmak bilen gaýa dyrmaşmak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Türgen 110 metre belentlige bary-ýogy 18 minutda çykdy. Bu üstünlik diňe bir sport görkezijisi bolman, eýsem haýyr-sahawat çäresi boldy. Garnýe rak keseline garşy göreşýän guramalara serişdeleri toplamak üçin daga çykdy. Ejesiniň bu kesele duçar bolmagy bilen bagly waka oňa ylham berdi. Öňki dünýä rekordyny 2020-nji ýylda Ýohannesburgda (Günorta Afrika) Soueto diňleriniň arasyndaky ýüp býunça 90 metre çykan günorta afrikaly türgen Tomas Wan Tonder goýupdy. Şeýle-de bolsa, Garnýe ýüpli Daniýanyň Kopengagen opera teatryna - 26 metr belentlige çykmak bilen rekord goýan daniýaly zenan Ida Matilda Stinsgaardyň tejribesiniň has hem ylham berendigini aýtdy. Anuk Garnýe tejribeli türgen, öz kategoriýasynda iki gezek OCR (päsgelçilik ýaryşy) dünýä çempiony, spartan ýaryşy boýunça Ýewropanyň çempiony we OCR boýunça iki gezek Fransiýanyň çempiony. Indi türgen päsgelçilik ýaryşlaryna gaýdyp barmagy meýilleşdirýär we maý aýynda Parižde geçjek 2024-nji ýylyň Tomusky oýunlarynyň açylyş dabarasy üçin Afinydan alynjak Olimpiýa alawyny Marsele elter.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir