Ispaniýanyň ilaty seýrek duşýan astronomiki hadysanyň şaýady bolar: 2026-njy ýyldan 2028-nji ýyla çenli üç ýylyň içinde ýurt iň ýokary kategoriýadaky üç sany Gün tutulmasyny synlap biler, olaryň ikisi doly Gün tutulmasy bolar. Ispaniýanyň El Pais gazetiniň habar bermegine görä, beýle tötänlik taryhda görlüp-eşidilmedik zatdyr. Belli bir geografiki nokatdan geçýän doly Gün tutulmasyny görmek mümkinçiligi, adatça, adama ömründe bir gezek miýesser edýär. Neşir: "Ispaniýanyň astronomiki nesibesi güýçli çykdy" –diýip belleýär. Ilkinji, doly Gün tutulmasy 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda bolar – bu 1999-njy ýyldan bäri Ýewropada ilkinji Gün tutulmasydyr. Ondan soň doly Gün tutulmasy 2027-nji ýylyň 7-nji awgustynda bolar. Üçlügi 2028-nji ýylyň halka şekilli Gün tutulmasy soňlar, şonda Günüň üstüni ýapýan Aýyň töwereginde ýagtylyk halkasy emele geler. Ozal Meksikada, ABŞ-nyň 15 ştatynda we Kanadada, şeýle hem Ýuwaş we Atlantik ummanlaryndaky käbir adalarda 30 milliondan gowrak adamyň syn eden doly Gün tutulmasy hakda ýazypdyk.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir