Apple-iň iPhone 16 Plus smartfony ýedi reňkde hödürlenip bilner. Olardan bäşisi adaty iPhone 15 hatarynyň bezeg görnüşlerini gaýtalar, galan ikisi täze bolar. Bu barada hytaýly insaýderlere salgylanyp, MacRumors neşiri habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Şeýlelikde, iPhone 16 Plus gök, gülgüne, sary, ýaşyl, gara, ak we benewşe reňkleri alar. Deňeşdirmek üçin: iPhone 15 Plus soňky ikisinden başga sanalyp geçilen ähli reňklerde bar. Ýöne häzirlikçe göz öňünde tutulýan wariantlaryň iPhone 16 Plus üçin doly ýa-da bölekleýin eksklýuziw boljakdygy ýa-da olaryň iPhone 16 üçin hem elýeterli boljakdygy belli däl. Iki modeliň hem, garaşylyşy ýaly, meňzeş boljakdygyny göz öňünde tutsaň, iPhone 16 Plus-yň ähli reňkleri esasy iPhone 16-yny alyjylar üçin hem elýeterli bolsa gerek. iPhone 16 Pro modelleri barada aýdylanda, olar täze “kosmiki gara” we “gülgüne” reňklerinde peýda bolup biler. Häzirki wagtda iPhone 15 Pro-nyň alan Blue Titanium reňki täze gülgüne reňkiň peýdasyna iPhone 16 Pro hataryndan aýrylyp bilner. Şonuň bilen birlikde, “gara kosmos” Black Titanium-yň ornuny çalşar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir