Stambulyň howa menzilinde ýolagçylara stres ýagdaýyny we uçuş gorkusyny ýeňip geçmäge kömek edýän terapewt itler peýda boldy. Bu barada Associated Press habar berýär. Bäş sany it birnäçe aý dowam eden taýýarlykdan we türgenleşikden soň fewral aýynyň ahyrynda işe başlady. Olara sesler we adamlaryň üýşmesi ýaly ünsüňi sowujy faktorlara reaksiýa bildirmezlik öwredildi. “Biz olaryň howpsuz ýagdaýdadygyna we 100% biziň gurşawymyza uýgunlaşandygyna göz ýetirmelidik” diýip, howa menziliniň müşderiler bilen işleşmek boýunça menejeri Kadir Demirtaş belleýär. Itler toparynyň lideri Kuki atly lagotto-romanolo boldy. Ol “kärdeşleri” bilen bilelikde her gün terapewt itiň her biri üçin iş wagtyny kesgitleýän weterinara barýar. Itler howa menziliniň çäginde adam-ýoldaşlary bilen bilelikde işleýärler. Iş wagty olar ýörite forma geýýärler we resmi beýjleri dakynýarlar. Itleriň iş sagatlary 10.00-dan 16.00 aralygynda paýlanýar. Howa menzili täze başlangyja oňyn seslenmeleri alandygyny belleýär. Indi howa menzili itler ştatyny giňeltmegi we täze tüýlek terapewtleri işe çekmegi meýilleşdirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir