Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň daşary işler ministrleri 15-nji aprelde Daşkentde ýygnanarlar. Bu barada Özbegistanyň daşary syýasat edarasynda habar berildi. “15-nji aprelde Daşkentde “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” strategiki dialogynyň daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçiriler” – diýlip, habarda aýdylýar. Duşuşyga Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, şeýle-de Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, BAE-niň, Omanyň, Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Diplomatlar 2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Jiddada geçirilen Strategiki dialogyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde gazanylan ylalaşyklaryň nähili durmuşa geçirilýändigi baradaky maglumatlar bilen paýlaşarlar. Şeýle-de, olar syýasy, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer ugurlarda hem-de howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak pudagynda hyzmatdaşlygyň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar diýip, Özbegistanyň DIM-i belledi. “Şeýle-de, 2025-nji ýylda Samarkantda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” görnüşindäki indiki sammite taýýarlyk boýunça pikir alyşylar” – diýip, edara belledi. Duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki beýannamany kabul etmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir