Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň “Dinamosynyň” prezidenti Gaji Gajiýewiň geňeşçisi boldy. Bu barada Russiýanyň futbol klubunyň saýtynda habar berilýär. “Gurban Bekiýewiç üçin ätiýaçdaky düzümi taýýarlamak, täze zehinleri ýüze çykarmak, onuň öz sözlerine görä, nirede işlese-de öňki ýyllardaky ýaly gyzykly ugur bolmagynda galýar. Ol bu işi Dagystanda dowam etdirer” – diýlip, habarda aýdylýar. 71 ýaşly Berdiýew fewral aýynda “Dinamonyň” baş tälimçisi wezipesini terk etdi. Ol topara 2023-nji ýylyň tomsunda ýolbaşçylyk edip başlady. Berdiýew karýerasynyň dowamynda iki gezek Kazanyň “Rubinini” Russiýanyň çempionatynda ýeňşe getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda klub Russiýanyň kubogyny we iki gezek Russiýanyň Super kubogyny gazandy. Mundan başga-da, Berdiýew dürli ýyllarda dürli futbol klublarynda, şol sanda Türkmenistanyň “Nisa” klubunda we Türkmenistanyň milli ýygyndysynda baş tälimçi wezipesini ýerine ýetirdi. Mahaçkalanyň “Dinamosy” häzirki möwsümde Birinji liganyň ýaryş jedwelinde 25 oýunda 44 utuk gazanyp, üçünji orny eýeleýär.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir