UFC promouşeniniň köp garaşylan ýubileý UFC 300 ýaryşynyň wagty geldi. Bu uly waka 13-nji aprelden 14-nji aprele geçilýän gije Paradaýsdaky (ABŞ) “Ti-Mobaýl Arenada” geçiriler. Ýaryş Aşgabat wagty bilen sagat 3:00-da başlar. Esasy sanawyň söweşleri 07:00-da (Aşg.) başlaýar. UFC 300 ýaryşyna göni ýaýlymda «Матч Боец» we «Матч!» teleýaýlymlarynda tomaşa edip bilersiňiz. Şeýle-de, ýaýlym UFC Fight Pass platformasynda elýeterli bolar. Ýaryşyň esasy sanawy şu söweşlerden ybarat: ·Bo Nikal – Kodi Brandeýj; ·Çarlz Oliweýra – Arman Sarukýan; ·Jastin Getji – Maks Holloueý; ·Weýli Çžan – Sýaonan Ýan; ·Aleks Pereýra – Jamal Hill. Bu söweşlerden öň ýaryşyň deslapky söweşleri geçirilip, olarda şu aşakdakylar duşuşar: ·Deýwison Figeýredu – Kodi Garbrandt; ·Bobbi Grin – Jim Miller; ·Jessika Andrade – Marina Rodriges; ·Jalin Týorner – Renato Moýkano; ·Sodik Ýusuff – Diego Lopes; ·Holli Holm – Kaýla Harrison; ·Kelwin Kattar – Aljameýn Sterling; ·Irži Prohazka – Aleksandar Rakiç.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir