Italiýanyň Bulgari şaý-sepler brendi Octo Finissimo Ultra COSC - galyňlygy bary-ýogy 1,70 mm bolan, hatda türkmenleriň 10 teňňelik şaýy pulunyň (1,85 mm) galyňlygyndanam ýuka bolan mehaniki sagat bilen tanyşdyrdy. Mail.ru-nyň belleýşi ýaly, sagady döretmegiň üstünde onlarça inžener işledi. Şeýle “ajaýyp işiň” syry giňişligi başarnykly ulanmakda we korpusynyň goşmaça gatlaklarynyň bolmazlygyndadyr. Finissimo Ultra sagadynyň gapagy hereketiň esasy plastinkasy bolup hyzmat edýär. Bir nusgasyny ýygnamak üçin bir hepdeden gowrak wagt gerek. Sagadyň esasy plastinasy wolfram karbidinden ýasalan. Bezeli, korpusyň orta bölegi we goşar bagy titandan ýasalan. Sagadyň dillerinde Datamatrix kody (QR koduna meňzeş) bar, ondan sagat barada ähli maglumatlary alyp bolýar. Octo Finissimo Ultra COSC üçin Bulgari tow bermäge we wagt bellemäge mümkinçilik berýän sanly interfeýsli ýörite gap ýasady. Sagady gabyna ýerleşdirip, wagty düzseňiz we sazlama siklini başlamak üçin düwmä bassaňyz bolany. Octo Finissimo Ultra COSC çäkli nusgada çykaryldy - bary-ýogy 20 sany. Bahasy – 600 000 ýewro (takmynan, 647 müň dollar).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir