Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) resmi saýtynda häzirki möwsümiň ýewrokuboklarynyň final oýunlary üçin petekleriň satylyp başlanandygyny habar berdi. Bu barada RIA Nowosti ýazýar. Çempionlar ligasynyň finaly 1-nji iýunda Londonyň “Uembli” stadionynda geçiriljek Çempionlar ligasynyň finaly üçin iň arzan petekler 70 ýewro bolar. Stadion jemi 90 müň tomaşaçyny sygdyrýar, dünýäde satyn almak üçin bolsa 60 müň petek elýeterlidir. Finala gatnaşyjy toparlaryň her biri janköýerler üçin 25 müň petek alar. Çempionlar ligasynyň finaly üçin petekleriň bahasy kategoriýa baglydyr: · Dördünji kategoriýa: 70 ýewro · Üçünji kategoriýa: 190 ýewro çenli · Ikinji kategoriýa: takmynan, 500 ýewro · Birinji kategoriýa: azyndan 710 ýewro Ýewropa ligasynyň finaly Ýewropa ligasynyň finaly 22-nji maýda Irlandiýadaky 50 müňden gowrak tomaşaçyny sygdyrýan “Dublin Arenada” geçiriler. Ýewropa ligasynyň finaly üçin petekleriň bahasy: · Dördünji kategoriýa: 40 ýewro · Üçünji kategoriýa: 65 ýewro · Ikinji kategoriýa: 100 ýewro · Birinji kategoriýa: 150 ýewro Finala çykan toparlaryň her biri 12 müň petek alar. Konferensiýalar ligasynyň finaly Konferensiýalar ligasynyň finaly 29-njy maýda Afinydaky 30 müňden gowrak tomaşaçyny sygdyrýan AEK meýdançasynda geçiriler. Ýaryşyň finaly üçin petekleriň bahasy: · Dördünji kategoriýa: 25 ýewro · Üçünji kategoriýa: 45 ýewro · Ikinji kategoriýa: 85 ýewro · Birinji kategoriýa: 125 ýewro Gatnaşyjy toparlar öz janköýerleri üçin 9 müň petek alar. UEFA-nyň Super kubogynyň finaly UEFA-nyň Super kubogynyň finaly 14-nji awgustda Polşada Warşawadaky Milli stadionda geçiriler. Stadionyň sygymy – 58 müňden gowrak tomaşaçy. UEFA-nyň Super kubogynyň finaly üçin petekleriň bahasy: · Üçünji kategoriýa: 30 ýewro · Ikinji kategoriýa: 80 ýewro · Birinji kategoriýa: 130 ýewro Ýewrokuboklaryň final oýunlary üçin petekleri UEFA-nyň resmi saýtynda satyn alyp bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir