Öň Günorta Koreýada Samsung markaly satylan awtoulaglaryň ady Renault diýip üýtgedildi. IXBT.com-yň habar bermegine görä, bu Samsung bilen Renault-yň awtoulag pudagyndaky 20 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň tamamlanandygyny görkezýär. 2000-nji ýylda Samsung Motors maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän wagty kompaniýa esasy paýyny alan Renault bilen şertnama baglaşdy. Şondan bäri Samsung awtoulaglary Günorta Koreýanyň içerki bazarynda öz markasy bilen satylyp gelinýärdi, ýöne Renault-nyň tehnologiýalaryny we platformalaryny ulanýardy. 2022-nji ýylda Renault Korea Motors (öňki Renault Samsung Motors) Samsung brendini ulanmak üçin ygtyýarnamasyny uzaltmazlyk kararyna geldi. Netijede, Samsung XM3 we QM6 modelleri degişlilikde Renault Arkana we Renault QM6 adyny aldy. Hatardaky iň soňky model, koreý Renault Talisman-y häzirlikçe Samsung SM6 adyny saklaýar. Şeýle-de bolsa, ýakyn wagtda garaşylýan täzelenmeden soň onuň ady hem üýtgediler.