Günbatar Awstraliýada reýnjerler alymlaryň gaty az bilýän süýdemdirijisi bolan torbaly demirgazyk körsyçanyny (Notoryctes caurinus) surata düşürdiler diýip, BBC habar berýär. Gözlegçiler planetada bu haýwanlaryň näçesiniň galandygyny henizem bilenoklar. Galyň sütükli, gysga guýrukly we aýak deregine garsagaýakly jandar Uly Gum çölüniň adam-garasyz çägelerinde ýaşaýar. Ony Pert şäherinden, takmynan, 1500 km uzaklykda görüpdirler. Geň zat, körsyçanyň gözleri ýok, sebäbi ol bütin ömrüni ýeriň aşagynda iýmit gözleginde garym gazyp geçirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir