Bütindünýä ýeňil atletika assosiasiýasy (World Athletics) Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýeňiş üçin pul baýragyny girizdi. Bu barada guramanyň saýtyna salgylanyp, Ria Nowosti habar berýär. World Athletics öz sport görnüşinde Olimpiada üçin pul baýragyny girizen ilkinji halkara federasiýa boldy. Töleg 50 müň dollar bolar. Estafetada ýeňiş gazanylan ýagdaýynda mukdar tutuş toparyň arasynda paýlanar. 2,4 mln dollar möçberindäki umumy baýrak gaznasy Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) guramanyň her dört ýyldan alýan girdeji paýyndan bölündi. World Athletics 2028-nji ýylyň Los-Anjelesde geçiriljek Oýunlarynda goşmaça pul baýraklarynyň ýaryşda kümüş we bürünç medal gazanan türgenlere hem tölenjekdigini belleýär. Pariždäki Olimpiýa oýunlary 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir