11-nji aprelde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň 1/4 finalynyň ilkinji oýunlary geçirildi. Ilkinji iki oýun 21:45-de (Aşgabat wagty bilen) başlady. Beýleki iki oýun ýarygije (Aşg.) başlady. Şeýlelikde, Gresiýanyň “Olimpiakosy” Türkiýäniň “Fenerbahçe” toparyny kabul etdi. Ýer eýeleri 3:2 hasabynda ýeňiş gazandylar. Stambul klubunyň oýunçylary diňe üçünji goldan soň yza galyşy azaltmak bilen, uly ýeňlişden halas bolmagy başardylar, ýöne artyk gol geçirip bilmediler. Çehiýanyň “Wiktoriýa Plzen” bilen Italiýanyň “Fiorentino” toparlarynyň arasyndaky oýun 0:0 hasabynda tamamlandy. Gijeki oýunlarda “Aston Willa” öz meýdançasynda Fransiýanyň “Lill” toparyny 2:1 hasabynda utdy, Belgiýanyň “Brýuggesi” bolsa Gresiýanyň “PAOK-yndan” 1:0 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyklaryň netijeleri: ·Olimpiakos – Fenerbahçe (3:2) – Fortunis, Ýowetiç, Şikinýu – Tadiç, Kahweji) ·Wiktoriýa Plzen – Fiorentino (0:0) ·Aston Willa – Lill (2:1) – Uotkins, Makginn – Diakite ·Brýugge – PAOK (1:0) – Wetlesen Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýunlary 18-nji aprelde geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir