11-nji aprelde Abu-Dabide “Mohammed Bin Zaýed” stadionynda Saud Arabystanynyň Super kubogynyň final oýny geçirildi we bu oýunda “Al-Hilýal” bilen “Al-Ittihad” duşuşdy. Duşuşyk “Al-Hilýalyň” 4:1 hasabynda ynamly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. “Al-Hilýalyň” braziliýaly hüjümçisi Malkom oýnuň eýýäm bäşinji minutynda hasaby açdy. “Al-Ittihad” 21-nji minutda Abderrazak Hamdallanyň goly bilen hasaby deňlemegi başardy. 44-nji minutda “Al-Hilýaldan” Salem Al-Dawsari toparyny öňe çykardy, soňra Malkom 89-njy minutda ýene bir goly hasaba goşdy. Duşuşygyň 96-njy minutynda Nasser Al-Dawsari hasaby gutarnykly kesgitledi. “Al-Hilýal” bu ýeňiş bilen futbol taryhyndaky rekord ýeňişli tapgyryny yzygider 34 oýna çenli uzaltdy. Ýatlap geçsek, ýarym finalda “Al-Hilýal” Kriştianu Ronalduly “Al-Nasrdan” üstün çykdy (2:1), Karim Benzemanyň çykyş edýän “Al-Ittihady” bolsa “Al-Wahdadan” güýçli boldy (2:1).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir