2025-nji ýylyň güýzünde çykjak iPhone 17 Pro we Pro Max TSMC tarapyndan öndürilen 2 nanometrli çipler bilen üpjün ediler. Apple-iň bäsdeşlerinden artykmaçlyk gazanmak üçin, eýýäm bu innowasiýa çipleriniň ilkinji partiýalaryny satyn alandygy barada habarlar bar diýip, iXBT habar berýär. Apple öňem şuňa meňzeş strategiýany ulanyp, 3-nm çip ulanan ilkinji kompaniýa boldy. Bu iPhone 15-e we M3-e öndürijiliginde hem-de energiýa netijeliliginde ep-esli artykmaçlyga eýe bolmaga mümkinçilik berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir