18-nji maýda Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Maslahata görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlary bilen bir hatarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) wekilleriniň, şeýle hem dünýäniň 34 döwletinden alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir