Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç täze dünýä rekordyny goýdy. Bu gezek «Uly tuwulganyň» 24 gezek çempiony ATP-niň dünýä sanawyndaky iň uly ýaşly lider boldy. Indi sanawyň başynda iň ýokary ýaş çäginiň rekordy 36 ýaş 321 gün boldy. Jokowiç şweýsariýaly tennisçi Rojer Federeriň rekordyny täzeledi, ol dünýäniň birinji raketkasy hökmünde 36 ýaş 320 gün bilen bu rekorda eýedi. Ýakynda Jokowiçiň tälimçi Goran Iwanişewiç bilen hyzmatdaşlygyny tamamlandygy mälim boldy. Onuň ýolbaşçylygynda tennisçi 2018-nji ýyldan bäri çykyş edýärdir we 12 gezek «Uly tuwulganyň» çempiony boldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir