Awstraliýanyň milli ylym agentligi CSIRO-nyň we Toronto uniwersitetiniň (Kanada) alymlary dünýä ummanynyň düýbünde näçe plastik galyndylaryň toplanandygyny anyklamak üçin gözleg geçirdiler. Netijeler zibiliň umumy mukdarynyň 11 million tonna ýetip biljekdigini görkezdi. «Biz ummanyň düýbüniň plastik zibilleriň uly böleginiň toplanan ýerine öwrülendigini gördük. Çak edilişine görä, oňa 3 – 11 million tonna aralygynda plastik düşýär» diýip, ylmy işiň awtorlary bellediler. Alymlar plastigiň agramly böleginiň kontinentleriň töwereginde ýygnanýandygyny bellediler. Zibilleriň takmynan ýarysy (46%) 200 metre çenli çuňlukda ýerleşýär. Galan 54%-i bolsa 200-den 11 müň metre çenli çuňlukda ýerleşýär. Umuman alanyňda, ummanyň düýbündäki plastigiň göwrümi suwuň ýüzünde ýüzýän plastikden takmynan 100 esse köpdür diýip, CSIRO-nyň web sahypasynda habar berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir