Alymlar 1990-njy ýyllardan bäri dünýäde garaşylýan ömür dowamlylygynyň 6,2 ýyl artandygyny anykladylar. Bu içgeçmeden (diareýa), aşaky dem alyş ýollarynyň kesellerinden we ýürek kesellerinden ölümiň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. Alymlaryň gözlegi Lancet žurnalynda neşir edildi. Günorta-Gündogar Aziýany, Gündogar Aziýany we Okeaniýany öz içine alýan sebitde bu döwürde garaşylýan ömür dowamlylygynyň iň uly ösüşi hasaba alyndy – 8,3 ýyl. Ikinji orunda Günorta Aziýa gelýär. Bu ýerde içgeçme kesellerinden ölüm derejesiniň ep-esli azalmagy netijesinde garaşylýan ömür dowamlylygy 7,8 ýyl artdy. Şeýle-de bolsa, alymlar COVID-19 pandemiýasynyň ömür dowamlylygyna düýpli ýaramaz täsiriniň bardygyny anykladylar. Bu keselden Latyn Amerikasynyň we Karib basseýniniň, şeýle-de Saharanyň günortasyndaky Afrika sebitleri has uly zyýan çekdi. Hünärmenler süýji keseli we böwrek keseli ýaly ýokanç däl keselleriň döredýän howpunyň barha artýandygyny anykladylar. Şeýle-de, ýüregiň işemiýa keseline, insulta we rak keseline garşy göreşde deň derejeli bolmadyk progres bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir