Täzelenen Nissan Qashqai 2025 krossoweriniň ilkinji wideo tizeri çap edildi. Model öndürilip başlanandan üç ýyl soň gaýtadan işlenildi. Doly täzelenen Qashqai 17-nji aprelde hödürlener, ýöne kompaniýa eýýäm daşyndaky we içindäki käbir üýtgeşmelerini görkezdi diýip, Carscoops ýazýar. Daşy täzelenen Qashqai has inli radiator gözenegini, täze grafikaly faralary we has uly howa girelgeli täzeden işlenip düzülen bamper aldy. Öňündäki aýlawlaryň gyrasy hem üýtgedi we täze tekerler peýda boldy. Tizerde yzky bölegi görkezilmändir, megerem, ol üýtgewsiz galan bolsa gerek. Täzelenen krossoweriň içinde 12,3 dýuým diagonally ekrany bolan sanly gurallar panelini, 9 dýuým ekranly media ulgamyny we 10,8 dýuým ekranly baş ekrany görüp bilersiňiz. Bularyň hemmesi krossoweriň top wersiýasynda eýýäm bar, ýöne täzelenen model täze materiallary ulanar we belki Nissan komplektasiýanyň gowulandyrylan mazmunyny hödürlär. Qashqai 2025 hereketlendirijiniň diapazony üýtgewsiz galar diýlip garaşylýar. Esasy wersiýasy 1,3 litrlik turbo hereketlendiriji bazasynda (140 at güýji) “ýumşak” gibrid bilen enjamlaşdyrylar we ýokarky wersiýasy 190 at güýji bolan e-Power gibrid ulgamyny alar. 1,5 litrlik hereketlendirijä esaslanýar. Düýbünden täze platforma esasly arassa elektrik awtoulagy biraz soň peýda bolar.