Saud Arabystanynda ýene bir ägirt uly taslama durmuşa geçirilip başlandy. Overclockers.ru-nyň ýazmagyna görä: ýurtda patyşa Salman adyndaky täze halkara howa menzili gurlar we ol ýolagçy sany boýunça dünýäde iň ulusy bolar. Howa menzili 2030-njy ýyla çenli ýylda 120 million ýolagçy, 2050-nji ýyla çenli bolsa 185 million ýolagçy kabul eder diýlip garaşylýar. Aeroportda 4 terminal, 6 sany uçuş-gonuş zolagy, welosiped ýollary we baglar bolar. Bu taslama patyşalygyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmek we nebit eksportyna garaşlylygyny azaltmak strategiýasynyň bir bölegi bolar. Häkimiýetler ýokary tehnologiýaly senagata we syýahatçylyga has köp üns bermek isleýärler. Saud Arabystanyň häkimiýetleri täze howa menzili açylandan soň uçuşlaryň sanyny ýylda 210 müň bolanlygyndan bir milliondan hem geçirip köpeltmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda dünýäniň iň "ýüki ýetik" howa menzili ABŞ-nyň Atlanta şäherindäki Hartsfild-Jekson halkara howa menzili (ATL) bolmak bilen, ol ýylda 93,7 million ýolagça hyzmat edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir