Apple eýýäm 2025-nji ýyldan başlap eplenýän enjamlaryny bazara çykarmagy meýilleşdirip, bu ugurda işini güýçlendirdi. Bu karar iPhone-yň satuwynyň ösüş depgininiň haýallamagy, şeýle hem Apple-iň Samsung-yň we Huawei-iň agdyklyk edýän (olaryň paýy 80% -den geçýär) eplenýän enjamlar bazaryndaky ornuny berkitmek islegi bilen baglanyşyklydyr. Economic Daily-e salgylanýan ITHome-niň habar bermgine görä, Apple öň Vision Pro taslamasynda işleýän işgärlerini eplenýän enjamlar bölümine geçirdi. Soňky aýlarda eplenýän iPad, eplenýän Mac we eplenýän iPhone hakda myş-myşlar ýaýrady, ýöne bu taslamalaryň haýsysynyň durmuşa geçiriljekdigi entek belli däl. Apple-iň eýýäm Galaxy Flip-i ýatladýan eplenýän iPhon-laryň azyndan ikisiniň prototipini döredendigi mälimdir. Kompaniýa daşky ekrany bolan, galyňlygy iPhone 15-den geçmeýän enjam döretmekçi bolýar. Şeýle-de bolsa, bilermenler eger üpjün edilýän düzüm bölekler kompaniýanyň talaplaryna laýyk gelmese, Apple-e meýilnamalaryny amala aşyrmakda bökdençlik döredip biler diýip belleýärler. Myş-myşlara görä, Apple displeýleriň ygtybarlylygy bilen baglanyşykly kynçylyklar sebäpli henizem çeýe ekranly enjamyny çykarmady.