Warner Bros. “Joker: Iki adamlyk telbelik” filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. 2019-njy ýylyň “Oskar” baýragyna eýe bolan filminiň dowamy 2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda dünýä prokatyna çykar. Bu barada film.ru habar berýär. Filmde baş keşpleri Hoakin Feniks we Ledi Gaga ýerine ýetirdi. Sýužet Jokeriň Harli Kwinn bilen tanyşlygy barada gürrüň berer. Režissýor hökmünde birinji filmi surata düşüren Todd Fillips çykyş etdi. Treýlerde Jokeriň Arhkem psihiatrik hassahanasyndadygyny, şeýle-de onuň Harli Kwinn bilen duşuşygyny görkezýän kadrlar bar. Filmde Brendan Glison, Ketrin Kiner we Zazi Bits hem çykyş etdi. Birinji “Joker” hakyky fenomen boldy: ol prokatda bir milliard dollardan gowrak girdeji ýygnady, Hoakin Fenikse iň gowy erkek keşbi üçin “Oskar” baýragyny getirdi we Wenesiýa kinofestiwalynyň “Altyn ýolbarsyny” aldy. “Joker: Iki adamlyk telbelik” 2024-nji ýylyň iň köp garaşylýan filmleriniň biri hasaplanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir