Angliýanyň banky ilkinji gezek kagyz pullardaky monarhyň keşbini üýtgetdi. Beýik Britaniýanyň patyşasy Karl III-ä öz keşbini saklaýan täze banknotlar gowşuryldy. Bu barada Bukingem köşgüniň sosial ulgamlardaky resmi sahypasyna salgylanyp, kp.ru habar berdi. “Şu gün irden patyşa Angliýanyň bankynyň ýolbaşçysy Endrýu Beýli we baş kassir Sara Jon bilen audiensiýa wagtynda öz keşbini saklaýan ilkinji kagyz pullar gowşuryldy” – diýlip, habarda bellenilýär. Munan beýläk patyşanyň keşbi dolanyşykdaky ähli nominallarda: 5, 10, 20 we 50 funtluk kagyz pullarda bolar. Täze banknotlar 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda dolanyşyga girer. Karlyň keşbi bolan banknotlar şa aýaly Ýelizaweta II şekillendirilen öňki kagyz pullar bilen bilelikde ulanylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir