2024-nji ýylyň edebiýat boýunça halkara Buker baýragynyň gysga sanawyna alty dilden terjime edilen eserler girdi. Sanaw edebiýat baýragynyň saýtynda ýerleşdirildi. Baýrak üçin şu aşakdaky romanlar bäsleşer: - braziliýaly kiçi Itamar Wieýranyň “Crooked Plow” (“Egri azal”); - argentinaly Selwa Almadanyň “Not a River” (“Bu derýa däl”); - niderlandiýaly Ýente Postumanyň “What I’d rather not think about” (“Pikir etmek islemeýän zadym”); - germaniýaly Jenni Erpenbegiň “Kairos” (“Kaýros”); - günorta koreýaly Hwan Sok Ýonyň “Mater 2-10” (“Demirýolçularyň üç nesli”); - şwesiýaly Ia Genbergiň “The Details” (“Jikme-jiklikler”) romany. Görkezilen eserler 13 kitaby öz içine alýan uzyn sanawdan saýlanyp alyndy. Baýragyň ýeňijileri noýabr aýynda yglan ediler. Onuň pul sylagy 50 müň funt sterling bolup, ol awtor bilen eseri iňlis diline terjime edijiniň arasynda deň derejede paýlanar. Baýragyň gysga sanawyna girenleriň her biri 2,5 müň funt sterling alar. Buker baýragy iňlis edebiýatynyň iň abraýly baýraklarynyň biridir. Ilkibaşda ol Milletler arkalaşygynyň ýurtlarynyň birinde, Irlandiýada we Zimbabwede ýaşaýan awtora berilýärdi. 2015-nji ýyldan bäri bu baýragy raýatlygyna garamazdan, iňlis dilindäki romanyň islendik awtory alyp bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir