23 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Dawranbek Hasanbaýew Phuketde geçýän agyr atletika boýunça Dünýä kubogynda silterläp götermekde altyn medal gazandy we netijede Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary - 2024-e gatnaşmak mümkinçiligini üpjün etdi. 102 kg-a çenli agram derejesinde medal ugrunda 40 türgen bäsleşdi. Hasanbaýew 187 kg agramdaky ştangany silterläp göterip, hemmelerden öňe saýlandy. Itekläp götermekde ol 14-nji netijäni görkezdi (205 kg). Ikisiniň jemi boýunça Dawranbek 5-nji ýerde ýerleşdi (392 kg). Hasanbaýew Er-Riýadda Dünýä çempionaty - 2023-de görkezen öňki iň gowy görkezijisini 19 kg geçdi. Ol "aýratyn yhlas bilen türgenleşendigini" aýtdy we indiki maksady edip, Olimpiadada medal gazanmagy goýdy. Belläp geçsek, bu agram derejede altyn medaly hytaýly Lýu Huanhua eýeledi - 413 kg (181+232). Ol itekläp götermekde we iki agramyň jemi boýunça iki sany dünýä rekordyny goýdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir