2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Osako şäherinde geçjek Bütindünýä sergisiniň (EKSPO) guramaçysy bolup çykyş edýän Ýaponiýanyň sergi assosiasiýasy 9-njy aprelde gatnaşyjy ýurtlaryň milli günleriniň tertibini hödürledi. Bu barada ORIENT habar berýär. Maksatnama görä, Türkmenistanyň EKSPO-25-de Milli güni serginiň açylyşyndan bir gün soň, 14-nji aprelde geçiriler. Türkmenistan dünýäniň iň abraýly sergileriniň birinde milli günleriň görkezilişini açýan ilkinji ýurt bolar. EKSPO-2025-iň “Durmuşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döretmek” mowzugy adamlary olaryň nähili ýaşamak we öz mümkinçiliklerini näderejede ulanmak isleýändikleri barada pikirlenmäge oýarýar. Türkmenistan üçin bu ýurduň potensialyny we umumy geljegi döretmäge goşýan goşandyny bütin dünýä görkezmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir