Internet torunda eplenýän Xiamo Mix Fold 4 smartfonynyň esasy häsiýetleri barada maglumatlar peýda boldy. Gurluş heniz resmi taýdan anons edilmedi diýip, Android Headlines habar berýär. Bellenilişi ýaly, täze gurluş Snapdragon 8 Gen 3 flagman prosessory bilen işlär. Smartfon ekranynyň durulygy özünden öňki Mix Fold 3-den (1916x2160 piksel) ýokary bolar, ýöne anyk maglumatlar heniz ýok. Xiamo Mix Fold 4-üň foto-mümkinçilikleriniň Xiamo 14 Ultra-dan birneme pes bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, smartfon dört kameradan ybarat ulgama eýe bolar: 50 Mp Light Hunter 800 datçikli esasy, 60 Mp Omnivision OV60A teleobýektiwi, 13 Mp ultra-giň burçly OV13B kamerasy we aýratynlygy heniz belli bolmadyk dördünji datçik. Smartfonyň içki we daşky displeýlerinde 16 Mp kameralar oturdylar. Tassyklanmadyk maglumatlara görä, Xiamo Mix Fold 4 diňe Hytaýda satylar. Gurluşyň resmi tanyşdyrylyşy awgust aýynda bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir