Tailandyň premýer-ministri Srettha Thawisin Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlary bilen bilelikde wiza meýilnamasyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bloomberg-iň habar bermegine görä, Ýewropadaky Şengen zolagyna meňzeş bu maksatnama syýahatçylara alty goňşy ýurduň: Tailandyň, Kambojanyň, Laosyň, Malaýziýanyň, Mýanmanyň we Wýetnamyň arasynda erkin syýahat etmäge mümkinçilik berer. “Günorta Aziýa Şengenini” döretmek pikiri köpden bäri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýöne indi hünärmenleriň pikiriçe, ony durmuşa geçirmek mümkinçiligi öňküsinden has ýokary. Bu sebitdäki ýurtlaryň öz ykdysadyýetlerini “haýal eksportdan we dünýäniň gowşan isleginden” goramaga çalyşýandygy bilen baglydyr. Şeýle wiza uzak aralyga syýahat edýän jahankeşdeler üçin sebite syýahaty has özüne çekiji edip biler diýip, Tailand myhmanhanalar birleşiginiň öňki prezidenti Marisa Sukosol aýtdy. Şeýle hem, bu teklibi has bähbitli etmek üçin wizanyň möhletini 30 däl-de, 90 güne uzaltmagy teklip etdi. 2023-nji ýylda Günorta-Gündogar Aziýanyň alty ýurdy jemi 70 million daşary ýurtly jahankeşdäni kabul etdi. Tailand we Malaýziýa syýahatçylykdan 48 milliard dollar töweregi girdeji aldy. “Aziýa Şengeniniň” döredilmegi bu sany ep-esli artdyryp biler. Sebitiň ýurtlarynyň ýolbaşçylarynyň ýakyn wagtda Tailandyň teklibini has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir