ABŞ-nyň Kosmos güýçleri Günorta-Günbatar ylmy-barlag instituty (SwRI) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde emeli hemralara orbitada ýangyç guýmak üçin enjam öndürýär diýip, New Atlas habar berýär. Ylalaşygyň bahasy 25,5 million dollar. Gürrüň orbital tanker hakda barýar. Astroscale Prototype Servicer for Refueler (APS-R) diýlip atlandyrylýan täze enjam ýangyç daşamak üçin niýetlenendir. Orbiting Now gullugynyň maglumatlaryna görä, orbitada eýýäm 9707 hemra bar. Enjam, ýangyjy gutaransoň ýöne şeýle ulanyşdan aýrylyp, kosmosda zyňynda öwrülmeli hemralaryň ömrüni uzaldar. APS-R-iň ölçegleri sada bolar: 61 x 71 x 114 sm, agramy 198 kg. Apparaty 2026-njy ýylda satuwa goýbermek meýilleşdirilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir