Döwürleriň ötüp, jemgyýetiň özgerýändigine garamazdan, ynsan ruhuna peýdaly bolan her bir zat ýaşamagyny dowam edýär. Adam aňynyň ösüşine baglylykda, her kese haýyrly bolan bu edim-gylymlar, däp-dessurlar täze röwüş, täze öwüşgin tapýar. Oraza günleri häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ruhy päkligiň, jemgyýetçilik jebisliginiň, taýsyz sahawatyň aýy hökmünde aňymyza ornady. Oraza aýy ýagty ertirlere bolan ynamymyzy artdyrmaga, agzybirligimizi berkitmäge, ruhy dünýämizi gözelleşdirmäge, daş-töweregimizi gurşap alan tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga, umuman, älemiň gowulyklaryna, gözelliklerine guwanyp, şatlanmaga we özgelere-de şatlyk eçilmäge mümkinçilik berýär. Arka atylan mübärek Oraza aýy şeýle ruhy kämilligiň, özüňi taplamagyň amatly we ajaýyp möwsümi hasaplanylýar. Ol kämillige ymtylyş mümkinçilikleriniň aýy we asylly başlangyçlaryň iň amatly pursadydyr. Ine, mübärek Oraza aýy hem ahyrlady. Ertir, Oraza baýramy. Türkmen topragyna gelen, türkmen döwletine siňen berekediň, ýola goýlan ajaýyplyklaryň has alyslara uzalyp gitmegi, asyrlara dowamat-dowam bolmagy üçin ýene bir täze sahypanyň açylýandygyny aňladýar. Agzaçar baýramy ýurdumyzda hem uly joşgun bilen bellenilip geçilýär. Baýram gijesinde hem-de Baýram namazy okalýança has köp dileg-doga etmek, şükür etmek, günälerimize toba etmek, Pygamber alaýhyssalama salawat okamak, haýyr-sawahat etmek, elimizde bar bolan nygmatlaryň ählisi, şeýle hem saglyk nygmaty üçin Biribara şükür etmek iň möhüm ybadatlaryň hatarynda görülýär. Mübärek Remezan aýynda tutan orazalaryňyz, berjaý eden tagat-ybadatlaryňyz, eden dileg-dogalaryňyz, paýlan sadaka-sahawatyňyz Hak dergähinde kabul bolsun! Ýeneki ýyllaryň Oraza aýy günlerine jan saglygynda ýetmek hemmämize miýesser etsin! Baýram gijesinde we säherinde etjek ybadatlaryňyz hem kabul bolsun! Yhlasyňyz ýerine düşsün, arzuwlaryňyz maksadyna gowuşsyn! Goý, bu Orazada ýerine ýetirilen tagat-ybadatlar, gazanylan sogaplar, edilen ýagşy dileg-dogalar her bir türkmeniň we türkmenisatnlynyň ojagyna döwlet bolup ornasyn!

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir